Daşkentde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

17.07.2024

Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňki mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.

Mejlisde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Oba we suw hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly hem pikirleri alyşdylar. Şeýle-de daşky gurşawy goramak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň hem esasy ugurlaryna seredip geçdiler.

Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň jemleri boýunça on sekizinji mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.