17.07.2024
Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.
Munuň özi merkezde geçirilýän barlaghana-synag işleriniň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.
ISO 9001 — bu dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, dürli görnüşli edaralara, guramalara işini kämilleşdirmäge, müşderileriň talaplaryny ödemäge hem-de özüniň hile ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Onuň talaplary hil menejment ulgamyny döretmegiň, ony işe ornaşdyrmagyň, saklamagyň we yzygiderli ösdürmegiň tertibini kesgitleýär.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit barlaghanalarynyň yzygiderli akkreditasiýalaşdyrylmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar. Merkeze hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi bolsa iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline döwlet gözegçiliginiň, şol sanda barlaghana barlaglarynyň halkara standartlara laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam berer.