Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

18.07.2024

Türkmenistanda ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Oba hojalyk ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.