Türkmenistanyň çäginde 47 940,224 km aragatnaşyk ulgamlary hereket edýär

18.07.2024

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.

Uzak möhletli ykdysady ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işe goýberilen halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary we üstaşyr akymlary ýurdumyzyň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 8 sany döwletara optiki süýüm maglumat geçiriş ulgamlary hereket edýär. Olar: Aşgabat – Guçan (Eýran), Türkmenabat – Alat (Özbegistan), Daşoguz - Gürlen (Özbegistan), Garabogaz – Kendirli (Gazagystan), Kerki – Akina (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme we Serhetabat – Gerat (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme aragatnaşyk ulgamlarydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça 47 940,224 km aragatnaşyk ulgamlary hereket edip, olardan 12 252,855 km optiki aragatnaşyk ulgamy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň Transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberlerini artdyrmak we täze halkara optiki-süýümli birleşmeleriň üstünde işlemek baradaky beren tabşyryklaryndan ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi halkara bähbitli maglumat-aragatnaşyk geçelgelerini giňeltmek we özgertmek wezipelerine uly ähmiýet berýär.