Türkmenistanda kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler güýçlendiriler

21.01.2024

Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza BMG-niň ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda milli “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.