20.07.2024
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy döwrebap çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat birnäçe tapawutly aýratynlyklary sebäpli ýurduň ýaşaýjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.
- ýokary derejede amatlylyk: munda iberijiniň poçta bölümine barmagynyň zerurlygy ýok — çapar ýollamany özi alyp, eltmeli salga gowşurýar.
- wagtyň tygşytlanmagy: ýollamasy tejribeli hünärmenleriň ygtyýarynda mahaly, müşderiler öz has möhüm işleri bilen meşgul bolup bilerler.
- howpsuzlyk: ýörite taýýarlygy bolan çaparlar özlerine ynanylan ýollamalaryň howpsuzlygy üçin doly jogapkärçilik çekýärler.
- goşmaça mümkinçilikler: ýüz tutmak bilen goşmaça degişli hyzmatlary ulanmak mümkinçiligi.
«Gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmaty wagtyň gymmatyna ähmiýet berýän we ýollamalary ugratmagyň we almagyň amatly usullaryndan peýdalanmak isleýän her bir adam üçin oňaýlydyr.
Çapary birnäçe usul arkaly çagyryp bilersiňiz:
Kompaniýanyň post.tm resmi web saýty arkaly
(+993 12) 92 14 95 telefon belgisine jaň etmek bilen
«ÇaparPay» mobil goşundysyny ulanyp (Android we iOS üçin elýeterli)
«Türkmenpoçta»-nyň hyzmatyndan peýdalanyň we ýokary derejeli çaparçylyk hyzmatynyň tapawutly artykmaçlyklaryna baha beriň.
Şeýle-de okaň:
«ÇaparPay» goşundysy — Türkmenistanyň içerki gatnaw awiapeteklerini onlaýn almagyň amatly usuly