Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

28.01.2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzy jebisleşdiriji we täze işlere ruhlandyryjy güýç hökmünde öňlerinde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň milli parlamenti, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet edaralary bilen alnyp barylmaly işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmegine wajyp ähmiýet berdi. Her bir alnyp barylýan işleriň halk köpçüligine ýetirilmegine, islendik kärde döredijilikli zähmet çekýän ýurdumyzyň raýatlaryny geljekki üstünliklere ruhlandyrmagyň ägirt uly ähmiýete üns çekildi. Iş maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň wajyp ähmiýetine üns çekildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly durmuş tejribesi bolan ýaşulularynyň halkymyzyň arasynda, ylaýtada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmekleri, şunda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan taryhy işleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny öwüt-ündew etmeke Ýaşulular geňeşiniň ähmiýetli işleri barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döreden “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýen paýhasly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda häzirki döwrüň wajyp wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşlaryň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna degişli terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Döwletimizde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta bilim berýän mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, meýdançalar we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşalmagy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilmegi aýratyn wajypdyr. Bu bolsa ýaşlaryň bilim-terbiýeli, watansöýüji bolup ýetişmekleri, häzirki döwrüň täzeçil tehnologiýalaryny ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet tarapyndan alada edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi. Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar netijeli işlemek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan tabşyryklary ýerine ýetirmek, wajyp häsiýetli çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.