29.07.2024
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, senagatda ulanmak üçin nahar duzuny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 995 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) we float aýnasyny satyn aldylar.