Türkmenistan we BAE maglumat pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

28.01.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BAE-niň WAM habarlar gullugynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, taraplar metbugat pudagyny ikitaraplaýyn türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde görkezdiler. WAM gullugynyň baş müdiri Muhammet Jelal Al Raisi ýolbaşçylyk edýän gullugynyň işi barada durup geçdi we saparyň maglumat pudagynda aragatnaşyk gurmak üçin möhümdigini aýtdy. Mähri Bäşimowa hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýdyp, metbugat pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada belledi. M.Raisi türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň güýzünde Abu-Dabide geçiriljek Global Media Kongresine çagyrdy. Taraplar iki ýurduň üstünlikleri barada habarlar we maglumatlar alyş-çalşygyny döretmek barada ylalaşdylar. Bu bolsa Türkmenistan bilen BAE-niň maglumat pudagynda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer.