02.08.2024
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy berkitmekde, keselleri anyklamakda, kesele garşy umumy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, umuman, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän saglygy goraýyş we sport ýaly ulgamlarda gazanylan ajaýyp üstünlikler üns çekilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň iň çetki ýerlerinde-de döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly kemala gelmegini üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy.
Asyrlaryň dowamynda geljege bolan iň ýagşy umytlary alamatlandyrýan eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanda çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de berkitmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalary hemmetaraplaýyn alada, mähir bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli aýratynlyklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan netijeli işi munuň aýdyň nyşanydyr. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejeriş-anyklaýyş işleri üçin çykdajylara, çagalar öýlerinde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu sahawatly düzümiň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglary satyn alyndy. Şu ýyl welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralaryna dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ulgamyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Bu düzümler bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk ýokanç we ýokanç däl kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ylmy-amaly maslahatlary, okuw maslahatlaryny, saglygy goraýşyň derwaýys meseleleri boýunça duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri geçirmek ýaly giň ugurlar boýunça amala aşyrylýar.
Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky soňky ýyllarda ýurdumyza berlen halkara güwänamalar milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Olar döwrüň talaplaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa”, “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”; Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa we beýlekiler bar. Durmuşa geçirilýän çäreler ilatyň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine gönüden-göni ýardam edýär we köpçülikleýin ýaýran, seýrek duş gelýän keselleri irki ösüş tapgyrynda anyklamaga, netijeli bejermäge mümkinçilik berýär.
Keselleri bejermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, ilkinji nobatda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny hem talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleri Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerine yzygiderli okuwlara iberilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmagyň, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amaly-tejribe saparlaryny guramagyň zerurdygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman, saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklary berdi.
Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzda ekologik taýdan arassa ýerli çig maldan — türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň esasynda dürli lukmançylyk serişdelerini öndürýän derman kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen bagly işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Buýan” toplumynyň düzümine girýän buýan köküni gaýtadan işlemek arkaly glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan belent sepgitleri Garaşsyz Türkmenistanyň iň uly üstünlikleriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Giň gerimli öňüni alyş işleriniň — keselleri irki döwürde anyklamagyň we habardar edilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň arasynda kesellemegiň derejesini peseltmäge, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Tebigy bejeriş serişdelerini ulanmak arkaly öňüni alyş, saglygy dikeldiş işini maksatnamalaýyn alyp barmagy hem-de näsaglaryň sagalmagyny üpjün edýän şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmek bu ugurdaky giň gerimli işleriň möhüm bölegini emele getirýär. Ýurdumyzyň amatly howa şertleri, dürli tebigy landşaftlar, keselleri bejermäge ýardam berýän, düzümi boýunça seýrek duş gelýän mineral suwlar, melhem palçyklar şypahana ulgamyny ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirýär.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde kesgitleýji ähmiýete eýe bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda tutuş ýylyň dowamynda ilata bejeriş hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän şypahana-dynç alyş edaralarynyň giň toplumy döredildi we olar häzirki wagtda üstünlikli hereket edýär. Olarda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar, dynç almak, bejeriş üçin döredilen amatly şertler adamlara saglygyny dikeltmäge, ýadawlygyny aýyrmaga ýardam edip, ruhubelentlik, güýç-kuwwat eçilýär.
Ahal welaýatyndaky “Arçman”, “Ýyly suw”, “Bagabat”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara”, “Awaza”, ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki “Daşoguz”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatyndaky “Baýramaly”, Aşgabat şäherindäki “Berzeňňi” şypahanalary ýylyň bütin dowamynda köp sanly adamlary kabul edýär. Ýurdumyzyň meşhur şypahanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň goşmaça binalar toplumyny gurmak hem-de “A” we “B” binalarynyň durkuny täzelemek işlerine girişildi. Şypahanalaryň durky täzelenip, düýpgöter täze keşbe eýe boldy. Olar ornaşdyrylan enjamlary, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä belli bejeriş-sagaldyş merkezlerinden birjik-de kem däldir.
Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky köpugurly dynç alyş toplumy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem täzeçil şypahana düzümi kemala gelýär. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň baş maksady türkmen topragynyň “täsin merjeni” diýlip ykrar edilen kenar ýakasynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda saglygy goramak şäherleri we obalary ýaşyl zolaklara beslemek ýaly möhüm ekologik wezipeleri çözmegi öz içine alýan, şol sanda işjeň dynç alyş düzümlerini ösdürmek, ilatyň zyýanly endiklerden, hususan-da, çilimkeşlikden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin şertleridir mümkinçilikleri döretmek hem-de höweslendirmek ýaly işleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, bedenterbiýä we sporta jemgyýetiň sagdynlygynyň esasy şerti hökmünde garalýar. Şoňa görä, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňeldilmegine, türkmenistanlylary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga işjeň çekmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işlere uly ähmiýet berilýär.
Döwrebap sport düzümleriniň kemala getirilmegi gönüden-göni şu maksatlardan gelip çykýar. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnama” laýyklykda, ýurdumyzda stadionlar, aýlawlar, awtodromlar, tennis meýdançalary, howuzlar, köpugurly sport toplumlary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Sport bilen meşgullanmak üçin desgalaryň, ýörite ýerleriňdir meýdançalaryň göz öňünde tutulmagynyň bilim, mekdebe çenli edaralaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynda esasy talaplaryň biridigi bellärliklidir. Munuň özi ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasynyň aýdyň güwäsidir. Bu sene mynasybetli her ýyl sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köp sanly tarapdarlarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilýär.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejä çykarmaga mümkinçilik döretdi. 2017-nji ýylda hut şu ýerde ýurdumyzyň sport taryhynda täze sahypany açan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu waka Türkmenistanyň iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyply ýurtlaryň hataryna çykýandygyny hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini açyp görkezdi. 2018-nji ýyldaky “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da pugtalandyrdy. Şaýbaly hokkeý boýunça Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý toparynyň birinji orna mynasyp bolmagy şu ýylyň ähmiýetli wakasyna öwrüldi.
Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da berkitdi. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi we Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan degişli güwänamanyň gowşurylmagy dünýä sportuny ösdürmäge Türkmenistanyň goşýan ägirt uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Dünýäniň iri ýaryşlarynda Garaşsyz Diýarymyza mynasyp wekilçilik edýän we onuň halkara giňişlikdäki sport abraýynyň artmagyna goşant goşýan zehinli ýaş türgenleriň nesliniň kemala gelmegi ýurdumyzda sport ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. 2021-nji ýylda Watanymyzyň sport taryhynda täze ajaýyp sahypa ýazyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Gazanylan bu ýokary üstünlik türkmen türgenlerini öz ussatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ruhlandyrdy.
Şu ýylyň başyndan bäri abraýly halkara ýaryşlara gatnaşan türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Bularyň ählisi diňe bir irginsiz zähmetiň we maksada okgunlylygyň däl, eýsem, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döwlet derejesinde döredilýän ajaýyp şertleriň hem miwesidir. Şu günler bolsa ildeşlerimiz Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyna eýe bolan ezber türgenlerimiziň her bir çykyşyna uly üns bilen tomaşa edip, olara ösüp barýan sport döwleti hökmünde Watanymyzyň abraýyny beýgeldýän täze sport sepgitlerine ýetmegi tüýs ýürekden arzuw edýärler.
Şeýlelikde, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky gazanylan üstünliklere berlen syn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini giňden açyp görkezýär. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasy ugrudyr.