Türkmenistanda «hydro plus» kysymly dizel ýangyjynyň we «sae 50 api cf-4» kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy

28.01.2024

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde hem-de howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir. Şeýle hem zawodlar toplumynda «SAE 50 API CF-4» kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtomobillerde we beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar ýurdumyzyň içerki bazarlarynda hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler hem ýurdumyzda öndürilýan önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar.