06.08.2024
«Türkmenistan Habarlar portalynyň» «The Japan Times» gazetine salgylanyp berýän habarynda Ýaponiýanyň hökümetiniň Merkezi Aziýa goşmaça ykdysady goldaw berjekdigi aýdylýar. Premýer-ministr Fumio Kisidanyň Ýaponiýa — Merkezi Aziýa sammitinde teklipler toplumyny resmi taýdan yglan etmegine garaşylýar. Onuň geljek hepde Gazagystanda Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çärede yglan edilmegi meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň gün tertibinde Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän Hazar deňziniň üsti bilen deňiz gatnaw ýolunyň ara alnyp maslahatlaşylmagy mynasyp ornuny tapar: bu ugurda Tokio gümrük amallary üçin sanly tehnologiýalary taýýarlamak arkaly «maddy däl kömek» bermegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan dekarbonizasiýa goldawyny alar. Ýapon kompaniýalary tebigy gazy gaýtadan işlemek we beýleki goldaw görnüşleri boýunça tehnologiýalary we karzlary bermäge taýyn.
Ýapon metbugatynyň habaryna görä, premýer-ministr Kisida Ýaponiýa bu döwletlere wodorod we tebigy gazdan dökünler ýaly gymmat bahaly eksport önümlerini öndürmekde goldaw berer.
Dünýäde ykdysadyýeti boýunça dördünji ýerde durýan Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işçilerini ýörite Ýapon hünär okuw maksatnamalaryna ýollamak esasynda hem netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge synanyşýar.