TÜRKMENISTAN SOŇKY BÄŞ ÝYLDA GERMANIÝADAN IMPORT EDILEN ULAG SERIŞDELERINIŇ MÖÇBERINI DÖRT ESSE ARTDYRDY

28.01.2024

Türkmenistan 2018-nji ýyldan bäri Germaniýadan ulag serişdeleriniň importyny artdyrýandygyny. Bu import awtoulaglary, uçarlary, gämileri we degişli ulag enjamlaryny özünde jemleýär. Diňe 2023-nji ýylyň ýanwaryndan noýabryna çenli Türkmenistan Germaniýadan umumy bahasy 65,88 million ýewro barabar bolan ulag serişdelerini import etdi. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Germaniýadan alan ulag serişdeleriniň bahasy 58 million ýewrodan geçip, munuň özi 2018-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende dört esse artykdyr. Çünki 2018-nji ýylda bu görkeziji 12,98 million ýewro barabar bolupdy. 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli import edilen ulag serişdeleriniň umumy bahasy bolsa 170,88 million ýewro ýetdi.