«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça işler durmuşa geçiriler

28.01.2024

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça işler durmuşa geçiriler. Bu barada we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda 26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi. Paýtagtymyzdaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriniň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aşgabat şäherindäki «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.