Türkmenistan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitine gatnaşdy

18.08.2024

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy.

Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmek boýunça anyk teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda bu çärä gatnaşmaga çakylygy üçin, hindi tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de bitaraplyk we bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda işjeň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.