21.08.2024
20-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dugrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler formatyna oňyn baha berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we özara maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.