SOCAR-yň prezidenti OGT-2024-e gatnaşar

23.08.2024

Şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» (OGT-2024) atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. «Azertag»-yň habar berşi ýaly, OGT-2024-iň işine Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) hem gatnaşar.

Şeýlelik bilen, SOCAR-yň prezidenti Röwşan Najaf wekiliýete ýolbaşçylyk eder we konferensiýada çykyş eder. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, OGT-2024 energiýa pudagynyň durnukly ösüşi we ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

Bu halkara maslahat sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge we uglewodorod baýlyklaryny ösdürmegiň daşky gurşaw taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder. Gatnaşyjylaryň arasynda «Adnoc», CNPC, «Petronas», «Baker Hughes», «TotalEnergies», «Shell», «ExxonMobil», «Siemens Energy LLP», «Lukoýl», «Gazprom», «KazakGaz», «Tatneft» we beýleki öňdebaryjy halkara energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem bu çärä BMG, BMG-niň Ýewropa üçin ykdysady geňeşi, ÝHHG, Aziýanyň Ösüş banky we Yslam Ösüş banky ýaly abraýly halkara guramalaryň we maliýe guramalaryň wekilleri gatnaşar.