«Globalink Logistics» — Türkmenistandaky howa ýük gatnawlary boýunça «Turkish Cargo» kompaniýasynyň resmi wekili

29.01.2024

«Globalink Logistics» Türkmenistanda howa ýük gatnawlaryny amala aşyrmak üçin «Turkish Cargo» kompaniýasynyň resmi wekili boldy. Munuň özi «Turkish Cargo» kompaniýasynyň logistika hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegine, ýük daşamagyň hilini ýokarlandyrmagyna uly goşant bolar. Mundan başga-da, «Turkish Cargo» bilen hyzmatdaşlykda «Globalink Logistics» kompaniýasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Gyrgyzystanda we Gazagystanda hem ýokary derejedäki hyzmatlaryny hödürlemek mümkinçiligine eýe bolar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir howa ýük daşamalary däl, eýsem, gury ýer arkaly ýükleri gatnatmak pudagyndaky gatnaşyklary hem pugtalandyrar. «Globalink Logistics» — bu GDA we Ýakyn Gündogar döwletlerinde ýük daşamak bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin dürli ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän iri kompaniýalaryň biri. 1994-nji ýylda döredilen kompaniýanyň daşary döwletlerdäki şahamçalarynyň sany 30-a ýetýär. Onuň Türkmenistanda hem şahamçasy bardyr.