28.08.2024
27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmegi, oňyn başlangyçlaryň öňe sürülmegi esasynda ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Mawrikiý Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Janke dostlukly gatnaşyklary, netijeli döwletara dialogy ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.