29.01.2024
Lebap welaýatynda «Pisseli», «Arzuwly ugur», «Paýhasly ýörelge», «Syrly sandyk» hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan 165 sany bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Gurluşyk tamamlanandan soň, ýaşaýjylara tölegli esasda 30 ýyl möhletli berler.
Häzirki wagtda ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda we onuň töwereginde uly göwrümli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris. Şol bir wagtyň özünde, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýakynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli diňe Lebap welaýatynda 170-den gowrak maşgalalara täze jaýlaryň we kottejleriň açarlarynyň berlendigini belläp geçmek ýakymlydyr. Şeýle hem, hünär baýramy üçin welaýat polisiýa bölüminiň işgärlerine Mary şäherindäki 42 sany täze kottež jaýlaryň açylmagy ajaýyp sowgat boldy.