01.09.2024
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ýanwar --- iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 30-njy awgustda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurtda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi, hususan-da, durmuş maksatly we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça görkezijiler beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de hasabat döwründe ýurtda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.