29.01.2024
GoogleDeepMind kompaniýasynyň GraphCast emeli intellekt nusgasy ilkinji gezek boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady.
Geçirilen synaglaryň dowamynda ol orta möhletleýin howa çaklamalary Ewropa merkezi (ECMWF) tarapyndan dolandyrylýan dünýädäki öňdebaryjy ulgamdan 1380 görkeziji boýunça 90 % öňe geçmegi başardy. Şol görkezijileriň hatarynda howanyň temperaturasy, basyşy, şemalyň tizligi we ugry, şeýle hem atmosferanyň dürli derejelerindäki çyglylyk ýaly görkezijiler bar.
GraphCast bir munutdan hem az wagtda boljak howany 10 gün öňünden çaklamaga ukyplydyr.
Geçirilen barlaglara laýyklykda, bu täze işläp taýýarlama energiýa sarp edişi boýunça beýleki usullara görä, ep-esli amatlydyr.
Emeli intellekt şu ýylyň sentýabr aýynda Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatynda bolup geçen “Li” tupanyny dokuz gün öňünden çaklady. Munuň özi meteorologlaryň duýduryşyndan 3 gün öňdür.
Ýöne entäk GraphCastа howany çaklamagyň adaty usullaryna goşmaça hökmünde garalýar.