03.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
Pursatdan peýdalanyp, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz işewüre şatlygymyzy paýlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlardyr kompaniýalar bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň okgunly häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly goşandyna üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýandygyny, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda döwlet, sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.
Işewür bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda ýakynda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.