Döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi

29.01.2024

Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar tarapyndan seljerilen we ýurduň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipleri hödürledi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýerli çig mallar esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, milli önümçilikleri giňeltmek boýunça tehnologiýalar işlenip taýýarlanylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, bu babatda degişli ylmy-barlaglary geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.