04.09.2024
3-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli dünýäde Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyl bolup durýar, çünki üstümizdäki ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.