05.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hasabat bermek üçin söz berildi. B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň bölümlerinde alnyp barlan işler, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurtda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Döwlet Baştutany ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegini we goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipeleri hökmünde kesgitledi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe onuň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işleri geçirmek babatda görkezme berildi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek baradaky Permana hem gol çekdi.
Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi.
"Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär" diýip, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.