08.09.2024
6-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler, şeýle-de multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek, şol sanda ulag ulgamyny sanlaşdyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça geljekki hereketleri kesgitlediler.
Duşuşykda BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işi barada pikir alyşyldy.
Umberto de Pretto Türkmenistanyň sebit derejesinde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge ygrarlydygyny we halkara resminamalara goşulyşmak arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Şeýle-de taraplar bilermenleriň mümkinçiliklerini giňeltmek we hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk görmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapan durnukly ulag pudagy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryna hem garaldy diýlip, habarda bellenilýär.