10.09.2024
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.
Şeýle hem Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gazagystanyň telekeçilerine ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, dikeldilen süýüm, buýan köki we baldagy, dokma önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 838 müň dollaryndan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.