Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdiTürkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30.01.2024

29-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijileri ekişde ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolýup durýandygyny belledi we ýurdumyzyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekiş üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, şeýle hem ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi.