14.09.2024
Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasyny şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Türkmenmetbugatyň» habar berşi ýaly, bu barada 13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň şol sergini guramak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sergide Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar.
Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalaryň täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary we maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçilik sungatynyň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere bu sergide Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylan üstünlikleri beýan edýän işleriň giňden görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.