Geljekki Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

30.01.2024

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik,söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.