17.09.2024
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen resminamada:
— çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2024-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmalydygy;
— çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlary 2024-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmalydygy;
— şu Permanyň resmi çap edilen gününden herekete girýändigi bellenilýär.
Şeýle-de «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 437 belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.