Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

23.09.2024

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Sizi Russiýada ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary hökmünde tanaýarlar. Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşyp, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, şeýle hem Hytaý bilen Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” durmuşa geçirilýändigini yglan etdik, iki döwletiň arasynda däp bolan dostlugy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze meýilnamalary kesgitledik. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işiňiz hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyňyz Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygynyň, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň pugtalanmagynyň kepili bolup durýar.

Gazagystanda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza, köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmak babatda umumy asylly maksadymyza ýetmek boýunça tagallalary goldaýandygyňyza ýokary baha berýärin.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu şanly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň durnukly ösüşiniň hem-de abadançylygyň bähbidine alyp barýan döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, ýurduňyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň yzygiderli pugtalanmagyny arzuw edýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigimizi ýene bir gezek beýan etmek isleýärin. Bilelikdäki tagallalarymyz esasynda doganlyk halklarymyzyň bähbidine Täjigistanyň we Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam etjekdigimize ynanýaryn.

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşan halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Bu şanly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň zähmetsöýerligiňiz, syýasy erkiňiz netijesinde doganlyk Türkmenistan okgunly ösýär, türkmen jemgyýetinde agzybirlik, ylalaşyklylyk üpjün edilýär, ýurduňyzda durnuklylyk we howpsuzlyk pugtalanýar.

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürjekdigimize berk ynanýaryn. Işjeň syýasy dialogymyz bolsa özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipäňizde öňde goýlan ähli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy baradaky arzuwlarymy kabul ediň! Size we Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlarymyzyň halklarynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol Paşinýan,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.

Rus-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän yzygiderli ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Energetika, senagat, innowasiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, sebitara we işewürlik gatnaşyklary giňeldilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, dürli ulgamlarda täze özara bähbitli başlangyçlaryň ilerledilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siz Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesinde gülläp ösýän kuwwatly döwleti gurmak, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz. Bu köpugurly işde Siziň iň gowy häsiýetleriňiz — jöwher zehiniňiz, egsilmez güýç-kuwwatyňyz, möhüm çözgütleri kabul etmäge taýýarlygyňyz ýüze çykýar. Siz ýurduňyzy ösüş, türkmen halkynyň medeni-taryhy däplerini gorap saklamak ýoly bilen mynasyp öňe alyp barýarsyňyz, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ynamly ýola goýýarsyňyz.

Pursatdan peýdalanyp, rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň we parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsüňiz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk we dostlukly Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara işlerde möhüm orun eýeleýär hem-de dünýä giňişliginde belent abraýdan peýdalanýar.

Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Ýola goýlan oňyn dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna doly ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, bu şanly günde Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Igor Babuşkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň düýpli bilimiňiz hem-de ýokary şahsy häsiýetleriňiz Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen netijeli syýasatyňyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Bakytžan Sagintaýew,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de Türkmenistanyň Baştutany hökmünde ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.