30.01.2024
«Xiaomi» kompaniýasynyň ýolbaşçysy «Xiaomi SU7» diýen ady alan ilkinji awtoulagynyň gyşky synagdan geçişiniň suratlaryny görkezdi.
«Men haçan hem bolsa bir wagt «Xiaomi» kompaniýasynyň ulaglarynyň dünýäniň ähli ýollarynda hereket etjekdigine ynanýaryn» — diýip belleýän Leý Szýun Hytaýyň daşynda hem awtoulag öndürmek meýilnamalarynyň bardygyny tassyklaýar.
«Xiaomi SU7» awtoulagynyň — 4997 × 1963 × 1455 mm ölçegdäki elektrik sedanynyň 3000 mm tigir binýadyna eýelik edýändigini ýatladýarys. Onuň tigirleri 19 hem-de 20 dýuýmlyk ölçeglerdedir. Tekerleriň häsiýetnamasy — 245/45 R19 we 245/40 R20,
Ulagyň gapdal sütüninde kamera bar we «Xiaomi SU7» ýüz tanamak arkaly gulpy açmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Ulag güýji boýunça iki görnüşe eýedir: 300 at güýji bolan hereketlendiriji bilen yzky tigiri işleýän hem-de iň ýokary derejesi 673 at güýjüne barabar bolan ähli tigirleri hereket edýän nusgalar. BYD batareýa blogy ulagyň has arzan nusgasynda ulanylsa, CATL akkumulýatory iň gymmat görnüşinde ornaşdyrylandyr. Ulagyň doly enjamlaşdyrylan nusgasynyň agramy 1980 kg, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 210 km.
2024-nji ýylyň fewralynda bu ulagyň satylyp başlanmagyna garaşylýar. Muňa garamazdan, heniz onuň bahasy mälim edilmedi.