Türkmenistanyň Prezidenti “CLAAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygyny kabul etdi

27.09.2024

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

Myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda “CLAAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Diýarymyzda netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň baş baýramy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu saparynyň, onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeleriniň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Germaniýa ähli ulgamlarda diýen ýaly Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we “CLAAS” kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli gurallary ýola goýuldy, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär, maýa goýum hyzmatdaşlygy höweslendirilýär. Şeýle-de senagat, oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, iri german kompaniýalarynyň birnäçesi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär. Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlary ulanylýar, bu ugurda tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy Katrina Klaas-Mýulhoýzer netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.