28.09.2024
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň gerimli dabaralaryň barşynda milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini, beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we Mertebeli diýen atlaryň neslinden. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu ajaýyp gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine sowgat edilip, soňra döwlet Baştutany tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden geçýär. Diňe bir Türkmenistanda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurduň baş baýramçylygy mynasybetli görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.