Moskwada Türkmenistanyň we Gresiýanyň Russiýadaky ilçileriniň duşuşygy boldy

31.01.2024

Şu gün, 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Gresiýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Ýekaterina Ksagorari bilen duşuşdy. Duşuşygyň maksady syýasy we diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmek arkaly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik gullugy habar berýär. Diplomatlar söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky dostlukly we birek-birege hormat goýmak häsiýetdäki gatnaşyklar barada bellediler. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösýär we ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ugurlarda geljegi has-da uly mümkinçiliklere eýe. Ilçiler bilelikdäki belli taslamalarda we başlangyçlarda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin iş gatnaşyklaryny dowam etdirmäge razylaşdylar.