Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

30.09.2024

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Gadymy döwürlerden bäri halkymyz tarapyndan baýramçylyklarda we şanly senelerde ahalteke atlarynyň çapyşyklarynyň geçirilmegi taryhy köklerimize, ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanyna öwrüldi. Bu şowhunly we ajaýyp çäre diňe bir özboluşly we gadymy ahalteke tohumly atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, “asman atlarynyň” gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr.

Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary uly toýlaryň bezegi bolup durýar. Bu çapyşyklar çapyksuwarlara diňe bir öz ussatlygyny we başarjaňlygyny görkezmäge däl-de, eýsem, iň wepaly dostlary bolan ahalteke atlarynyň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllardyr pähimli sözler hem halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.

Ahalteke bedewleri adymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Häzirki döwürde atçylygy we atçylyk sportuny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Ganatly bedewleriň Watany bolan Türkmenistanda atçylyk döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudakda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurdaky çäreler ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu asylly işde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.

Türkmen atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler geçirilýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.

27-nji sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler.