Türkmenistan hem-de Bütindünýä poçta birleşigi: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

31.01.2024

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berýär. Taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem aýratyn ugurlardaky gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir. 1874-nji ýylda döredilen Bütindünýä poçta birleşigi wagtyň geçmegi bilen BMG-niň düzümine girizilýär. Gurama birnäçe teklipleri hödürläp, dürli döwlatara geleşiklerinde araçy bolup çykyş edýär hem-de poçta ýollamalarynda tehniki geňeşçi hyzmatyny ýerine ýetirýär.