Türkmenistanyň Mejlisinde fransuz parlamentarileri kabul edildi

14.10.2024

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa-Merkezi Aziýa» Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Erwe Moreýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.