Aşgabatda türkmen-mongol hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

14.10.2024

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda medeniýet hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.