Üns beriň BÄSLEŞIK!

01.02.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almak we gurnamak üçin BÄSLEŞIK yglan edýär Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär: gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statysyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama bermeli; 700 (ýedi ýüz) manat (taraplaryň ylalaşygy boýunça dahylsyzlar 200 (iki ýüz) amerikan dollary) möçberinde bäsleşik ýygymyny tölemeli; tehniki tabşyrygy almaly. Bäsleşik ýygymyny tölemek üçin hasaplaşyk hasaby ýazmaça talapnamanyň hödürlenen güni beriljekdir. Bäsleşik teklipleri ýapyk we möhür bilen tassyklanan bukjalarda kabul edilýär we bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýygymynyň tölenendigi barada kepilnamanyň görkezilen ýagdaýynda seredilýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilenden soň 30-njy iş güni sagat 12.00-a çenli şu görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 126. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi. Sowallar boýunça telefon belgileri: 39-03-55, 39-03-40 we 39-03-41.