Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

15.10.2024

14-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hasabatlarda welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda häzirki wagtda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.

Häkimler Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň ýerine ýetirilýändigi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalygy pudagynda jogapkärli döwrüň --- pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we kadalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlaryň doly üpjün edilmegini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.