«EIB Global» ulag ulgamynyň ösüşi üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1,5 milliard ýewro golaý serişde bermegi meýilleşdirýär

01.02.2024

Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB Global) Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gazagystanyň Ösüş Banky bilen bilelikde umumy bahasy 1,47 milliard ýewro barabar taslamalary maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekdi. Ýewropa Bileleşigi ulgamy EIB bilen bilelikde amatly şertlerde maliýeleşdirmek arkaly Merkezi Aziýada ulag pudagynyň täzelenmegine goldaw berer. Maliýeleşdirmegiň 3 milliard ýewrolyk durnukly ulag taslamalaryna umumy goldaw bolmagyna hem-de goşmaça serişdeleri toplamagyna garaşylýar. Şeýlelikde, EIB bu pudak boýunça toplan tejribesini Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen hem paýlaşar. Ýeri gelende bellesek, bank soňky on ýylda dünýä boýunça 136,5 milliard ýewrolyk ulag taslamalaryny maliýeleşdirdi. EIB-iň sebitde durnukly ulagy goldamagy «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» ýol kartasynda kesgitlenen Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutýan ugurlaryna ýetmäge we Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki we onuň daşyndaky ykdysadyýetleri hem-de jemgyýetleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan maksatlary durmuşa geçirmäge kömek eder. — EIB tarapyndan gönükdirilen maýa goýumlar adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar. Bu adamlary bir ýere jemlemäge we sosial hem-de gender deňligini ösdürmäge ýardam eder. Ulag — häzirki zaman ykdysadyýetiniň binýady, ol şahsy hereketi ýeňilleşdirýär we sebitdäki ýurtlaryň arasynda haryt, maýa goýum hem-de hyzmatlar boýunça alyş-çalşygy üpjün edýär. Mundan başga-da, durnukly ulag ulgamyna maýa goýmak howanyň täsirine garşy göreşmegiň we ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmegiň möhüm tapgyry bolup durýar — diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis belleýär.