01.02.2024
Daşoguz şäherinde «KAMAZ» ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy.
Täze bina «Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Häzirki wagtda täze desganyň işe girizilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde bu ýerdäki aragatnaşyk ulgamy we enjamlar barlanýar.
«KAMAZ» ulaglaryny abatlamak üçin täze okuw we hyzmat merkezinde dolandyryjylar üçin iki gatly bina, abatlaýyş dükany we awtoulag ýuwulýan desgalar göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, merkeziň çäginde ammar, awtoulag duralgasy hem-de dürli platformalar bar.
Okuw we hyzmat merkeziniň tutuş meýdany abadanlaşdyryldy hem-de yşyklandyryldy. Hünärmenler täze merkezde kadaly işlemek üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän dürli tehniki desgalaryň bardygyny belleýärler. Merkeziň işe girizilmegi bilen, «KAMAZ» tehniki barlag we abatlaýyş işlerini goşmak bilen doly tehniki hyzmaty ýola goýar.