27.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.