Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň täze Ýokary Baştutanyny gutlady

02.02.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belläp, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.