30.10.2024
28-29-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşyşyga gatnaşanlar bilelikdäki işleriň netijelerine, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar.
Şonuň ýaly-da, halkara kiberhowpsuzlygyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.