01.12.2024
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi. Maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Bu barada milli parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, maslahatda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasy – Döwlet býujeti hakynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny ýurduň ykdysady kuwwatynyň depginli artmagyna we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.
Şeýle hem maslahatda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.
Kabul edilen resminamalar döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam eder diýlip, çeşmede bellenilýär.