Katar Döwleti Transowgan demir ýol taslamasynyň maslahatyna goşuldy

08.02.2024

Daşkent şäherinde Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Katar Döwletiniň ulag we demir ýol ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Sişenbe güni geçirilen duşuşykda Transowgan demir ýol taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meselelere garaldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gepleşikleriň barşynda wekiliýet agzalary taslamanyň dürli taraplaryny, şol sanda maliýeleşdirmek gurallaryny, gurmak meselelerini we tehniki taraplary maslahatlaşdylar diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.

Ondan öň, ýagny 5-nji fewralda Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Katar Döwletiniň ulag ministriniň orunbasary Hamad Isa Abdullanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Olar ulag-logistika, ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Özbegistanyň we Katar Döwletiniň bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar Transowgan demir ýol taslamasy barada pikir alyşdylar.

2021-nji ýylyň fewral aýynda Daşkent şäherinde Özbegistanyň, Owagnystanyň we Pakistanyň degişli ýolbaşçylary Termez - Mazari-Şarif - Kabul - Peşawar demir ýoluny gurmak boýunça ýol kartasyna gol çekdiler. Geçen ýylyň oktýabr aýynda bolsa, "Özbekistan temir ýullary" komapaniýasy Transowgan demir ýolunyň taslamasyny katar tarapyna giňişleýin tanyşdyrdy.